Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb saýlap-seçip, bize ýurt berdi, biz – Onuň söýýän halky. Sela Şaýollar çolarýar, ýolagçylar ol ýoldan geçmez. Şertnama bozulýar, antlaryny ret edýärler, ynsanlary äsgermeýärler. Ýurt ýas tutup, ruhdan düşýär, Liwan utançdan saralyp-solýar, Şaron Araba çöli kimindir; Başan we Karmel ýapraklaryny dökýär. Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gaýdyp gelerler; ebedi şatlyga gowşar olar, begençden, şatlykdan dolarlar, gaýgydyr gam-gussa ýok bolar. Ýaratjak zatlaryma şatlanyp, baky begeniň; Ine, Men Iýerusalimi şatlyk üçin, halkyny-da begenç üçin ýaratjak. Eý, Rebbiň sözüne titreýänler, Onuň sözüne gulak goýuň: «Sizi ýigrenýän, Meniň adym üçin sizi ret edýän doganlaryňyz: „Reb şöhratlandyrylsyn, bizem siziň şatlygyňyzy göreli!“ diýdiler. Emma olaryň özleri utandyrylar».
Выбор основного перевода