Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki bir salymlyk Onuň gazaby; ömürboýy dowam edýär mähribanlygy. Agşamdan daňa çenli agy ýaňlanar, ertirine bolsa şadyhorramlyk geler. Reb seçip-saýlanyna, sag elinden tutanyna, Kureşe şeýle diýýär: «Öňüňde milletleri baş egdirerin, patyşalary güýjünden mahrum ederin, gapylary açaryn öňüňde, derwezeler ýapylmaz. Kureşi dogrulyk bilen oýardym, bütin ýollaryny dogrularyn; Meniň şäherimi ol diker, ýesirlerimi tölegsiz, peşgeşsiz azat eder ol». Muny Hökmürowan Reb diýýär. Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz». «Men seni bir salym terk etdim, ýöne beýik rehim bilen seni ýygnaryn. Gazap odunda senden bir salym ýüzümi gizledim, emma saňa rehim ederin sadyk söýgi bilen». Muny Penakäriňiz Reb diýýär. Uzakda ýaşaýanlar hem gelip, Rebbiň ybadathanasynyň gurluşygyna kömek ederler“». Şeýlelikde, siziň ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz. Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüni berk tutsaňyz, gurluşyk babatda bu aýdylanlar amala aşar.
Выбор основного перевода