Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma Reb Ýakubyň nesline rehim eder, Ysraýyly ýene saýlar we olary öz ýurdunda ornaşdyrar. Kesekiler olara goşulyp, ysraýyl halkyna birleşerler. Halklar ysraýyllary öz ýerlerine alyp gelerler. Ysraýyl halky Rebbiň beren ýurdunda başga halklary özlerine gul--gyrnak ederler; özlerini ýesir edenleri ýesir edip, özlerine zulum edenleriň üstünden agalyk sürerler. Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz». Milletler dogrulygyňy, patyşalar şöhratyňy görerler; Rebbiň Öz agzyndan çykan täze at bilen atlandyrylarsyň. Mundan beýläk «Terk edilen» diýilmez saňa, mundan beýläk «Harabalyk» diýilmez ýurduňa, emma saňa «Söýdügim», ýurduňa «Ärli» diýler; Reb seni söýýär, ýurduň ärli bolar. Siz bolsa Sion dagyna, diri Hudaýyň şäheri bolan göge degişli Iýerusalime, şagalaňly üýşmeleňe ýygnanan müňlerçe perişdeleriň huzuryna golaýlaşdyňyz. Men şeýtanyň üýşmeleňini gelip, aýagyňa ýykylmaga mejbur ederin, olar seni söýýändigimi bilerler. Olar özlerini ýahudy saýsalar-da, olar asla ýahudy däl, olar ýalan aldaýarlar.
Выбор основного перевода