Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawut patyşa turdy-da, olara şeýle diýdi: «Doganlarym, halkym, maňa gulak asyň! Men Hudaýymyzyň aýak kürsüsi bolan Rebbiň Äht sandygyny goýmak üçin öý gurmak niýetim bardy; onuň üçin taýýarlygam gördüm. Ýörüň, Onuň mesgenine gideliň, Onuň aýagyna ýykylyp, sežde edeliň. Gül-pürçük bolar ol, şatlykdan, guwançdan ýaňa nagma aýdar. Liwanyň gözelligi, Karmeliň, Şaronyň görki berler oňa. Olar Rebbiň şöhratyny, Hudaýymyzyň şan-şöhratyny görerler. Çölde kedr, akasiýa, mirt, zeýtun agaçlaryny oturdaryn, serwini, çynary, arçany sährada bile dikerin.
Выбор основного перевода