Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Pislik ot kimin ýanýar, çalydyr tikenleri ýalmaýar ol, tokaýyň gür ýerlerini tutaşdyrýar, tüsse al-asmana galýar. Gözel tokaýlarydyr, mes toprakly ýerlerini bütinleý ýok eder Reb, heläk bolar agyr derde ýolugan adam deý. Tokaýlarynda galan agaçlar şeýle az welin, çaga-da sanap, ýazyp biler olary. Ine, Aşur Liwanda owadan şahaly, tokaý saýaly kedr agajydy. Onuň boýy uzyndy, başy bulutlarda ýerleşýärdi. Men bolsa Ysraýylyň öňünden amorlary ýok etdim. Boýlary kedr agajy deý uzyn, dub agajy kimin güýçli bolsa-da, olaryň ýokardan miwesini, aşakdan köküni gyrdym. Reb halkyna şeýle diýýär: «Aşurlar köp we güýçli bolsalar-da, gyrlyp, ýok bolup giderler. Eý, Ýahuda, size ejir çekdirenem bolsam, mundan artyk ejir çekdirmerin.
Выбор основного перевода