Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, olar ysraýyllary zalymlyk bilen ezip, olary laý we kerpiç ýaly agyr işlerde, her hili meýdan işlerinde işledip, olaryň durmuşyny ajy ýaşaýşa öwürdiler. Ähli agyr işlerde olara rehimsizlik bilen sütem etdiler. Faraonyň gul eýeleri tarapyndan bellenen ysraýyllaryň baş gözegçileri urulýardylar we olardan: «Näme üçin siz bu gün guýmaly kerpiç paýyňyzy öňkiňiz ýaly doly ýerine ýetirmeýärsiňiz?» diýip hasabat soralýardylar. Ahyry ysraýyllaryň baş gözegçileri faraonyň ýanyna gidip, oňa: «Näme üçin biz gullaryňa beýle daraýaň? Bize saman berilmeýär, muňa garamazdan, „Kerpiç guýuň!“ diýip buýruk berýärler. Ine, gullaryňy ýençýärler, emma günä seniň öz adamlaryňda ahyry» diýip arz edýärler. Sion babatda şeýle aýdylar: «Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan». Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder. Reb «Bu adam Sionda doglan» diýip, halklaryň sanawyny ýazanda bellär. Sela Işaýa pygamber olara şeýle diýdi: «Jenabyňyza aýdyň, Reb şeýle diýýär: „Aşur patyşasynyň hyzmatkärleriniň Meni kemsidip aýdan sözlerini eşideniň üçin olardan gorkma. Ýa Reb, Öz mirasyň bolan bu sürä, Öz halkyňa hasaň bilen çopançylyk et! Olar tokaýlarda, gök ýaýlalarda ýeke ýaşaýarlar; gadymkylar deý Başanda, Gilgatda otlat olary.
Выбор основного перевода