Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen eliňdäki hasaňy uzat-da, deňziň suwuna ur. Deňziň suwy ikä bölüner we ysraýyllar şol gury ýer bilen ýöräp, deňizden geçerler. Müsürliler olary yzarlap gelýärdiler, faraonyň ähli atlary, onuň söweş arabalary we söweş arabaly esgerleri olaryň yzyndan kowup, deňziň ortasyna girdiler. Şeýdip, Musa elini deňze tarap uzatdy welin, daňdan deňziň suwy öňki akymyna öwrüldi. Müsürliler ondan gaçyp çykmaga dyrjaşdylar, emma Reb müsürlileri deňziň ortasyna eltip taşlady. Midýanlaryň iki baştutanyny: Orebi we Zeýebi ele saldylar. Orebi Orep gaýasynda, Zeýebi bolsa üzüm sykylýan ýerde öldürdiler (soňra ol ýer Zeýep diýlip atlandyrylypdyr). Efraýymlar midýanlaryň yzyndan kowdular. Orep bilen Zeýebiň kellesini kesip, Iordanyň gündogarynda bolýan Gidegona eltip berdiler. Edil şol gije Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken! Orep we Zeýep ýaly et serdarlaryny, Zebah we Salmunna dek – ähli serkerdesini. Olaryň agyr boýuntyrygyny, gerişlerindäki serdessesini, sütemkeşleriniň hasasyny döwdüň midýanlaryň başyna getiren günüň dek. Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken! Aşur patyşasy Sanherip düşelgäni taşlap, öýüne gitdi. Ol Ninewä gelip, şol ýerde galdy. Sanherip öz hudaýy Nisrokyň buthanasynda oňa sežde edip durka, ogullary Adrammelek bilen Sareser kakalaryny gylyç bilen öldürdiler-de, Ararat ýurduna gaçyp gitdiler. Onsoň onuň ýerine ogly Esarhadon patyşa boldy.
Выбор основного перевода