Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Aman galanlar Iýerusalimden, halas bolanlar Sion dagyndan çykyp gelerler. Bu Rebbiň yhlasy bilen amala aşar“». Edil şol gije Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken! Aşur patyşasy Sanherip düşelgäni taşlap, öz ýurduna gaýtdy. Ol Ninewä gelip, şol ýerde galdy. Sanherip öz hudaýy Nisrokyň buthanasynda oňa sežde edip durka, ogullary Adrammelek bilen Sareser kakalaryny gylyç bilen öldürdiler-de, Ararat ýurduna gaçyp gitdiler. Onsoň onuň ýerine ogly Esarhadon patyşa boldy. Sen peseldilip, ýeriň astyndan geplärsiň, sözleriň toprak içinden geler; sesiň jynyň sesi dek ýerden çykar, topragyň teýinden pyşyrdap eşidiler sözleriň. Sen kimi masgaralap, kime dil ýetirdiň? Kimiň garşysyna sesiňe bat berip, kime ulumsylyk bilen gabak galdyrdyň? Ysraýylyň Mukaddesine! Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken! Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men Aşur patyşasyny jezalandyryşym ýaly, Babyl patyşasy bilen onuň ýurduny-da şeýle jezalandyraryn.
Выбор основного перевода