Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dat günüňe, Aşur! Ol gaharymyň hasasydyr! Elindäki taýagydyr gazabym! Siz bar zady tersine öwürýärsiňiz, küýzegär toýun bilen deň hasaplanarmy? Ýasalan zat özüni ýasana: «Ol meni ýasamady» diýermi? Şekillendirilen zat şekillendirene: «Onuň düşünjesi ýok diýermi?» «Sen Meniň gürzim – uruş ýaragymsyň, Men seniň bilen milletleri gyraryn, seniň bilen patyşalyklary weýran ederin. Heý, adam, Hudaýa gep gaýtarar ýaly, sen kimmişiň? Heý-de ýasalan zat özüni ýasandan: «Näme üçin meni beýle ýasadyň?» diýip sorap bilermi? Eýsem küýzegäriň şol bir toýundan islän gabyny: birini toý-baýramlar üçin, beýlekisini gündelik işler üçin ýasamaga haky ýokmy näme?
Выбор основного перевода