Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol ýerde ýamanlar ýamanlykdan el çekýärler, ýadawlar-da dynç alýarlar. „Bu – zorluk“ diýip perýat edýärin, emma jogap berýän ýok. Medet diläp ýalbarýaryn, emma adalat ýok. «Şonuň üçin Men Samariýany harabaçylyga, üzümçilik ýerine öwrerin. Daşlaryny derä döküp, düýplerini açyk goýaryn» diýýär Reb. Şonuň üçin hem siz sebäpli Sion ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar.
Выбор основного перевода