Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Mätäçleri ýoldan kowýarlar, ýurduň garyplary olardan bukulýarlar. Çöldäki gulanlar kimin, ýoksullaryň hersi bir ýana dagap gidýär, Olar çagalary üçin çölde iýmit gözleýärler. Iýmitlerini kesekileriň ekin meýdanyndan ýygnamaly bolýarlar, erbetleriň üzüm bagyndan galan-gaçanyny ýygýarlar. Gije eşiksiz, ýalaňaç ýatýarlar, sowukda ýapynmaga ýorganlary ýok. Daglara ýagan çabgadan ezilýärler, gaýany pena edinip gujaklaýarlar. Olardan maňa ne peýda bar? Bileklerinde kuwwat ýok. Olar mätäçlikden, açlykdan ýaňa gije çölde, harabalykda ýer gemirýärler. Çöldäki ajy otlary ýygýarlar, iýmitleri sübseligiň köküdir. Olar halk arasyndan kowulýarlar, halk ogrular ýaly olaryň üstüne gygyryşýar. Jülgedäki gowaklarda, ýerdäki çukurlarda, gaýalaryň arasynda mesgen tutýarlar. Çalylar arasynda uwlaşyp, tikenekler astynda biri-birlerine dyknyşýarlar. Akmak, atsyz-sorsuz ynsan ogullary gamçylanyp, ýurtdan çykaryldy.
Выбор основного перевода