Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Garaňky, tüm garaňky dünýä, zulmatdan, tümlükden doly dünýä. Ýagtylygy garaňkylyk ýaly bolan diýara gitmezimden öň, goý, biraz ynjalyk tapaýyn özüme». Garaňky, tüm garaňky dünýä, zulmatdan, tümlükden doly dünýä. Ýagtylygy garaňkylyk ýaly bolan diýara gitmezimden öň, goý, biraz ynjalyk tapaýyn özüme». Tüm garaňky dereden geçäýemde-de, ýamanlykdan gorkmaýaryn men, çünki Sen meniň bilensiň. Seniň hasaň, çopan taýagyň aram berýär janyma meniň. Beýik bir nur gördi, tümlükde gezýän halk; tüm garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstlerine nur saçyldy. Olar: ‘Bizi Müsürden çykaran, çölde, çukurlykda hem çolalykda, gurak hem tüm garaňkylykda, hiç kimiň aýak basmadyk, hiç kimiň ýaşamadyk ýerinde bize ýol görkezen Reb nirede?’ diýip soramadylar. Tümlükde we ölüm kölegesinde oturanlara nur saçylar, aýaklarymyz parahatlyk ýoluna gönükdiriler».
Выбор основного перевода