Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hannanyň kalby hasratdan doludy. Ol gözünden boýur-boýur ýaş döküp durşuna, Rebden dileg etdi. Aýal dagdaky Hudaýyň adamynyň ýanyna baryp, onuň aýagyna ýapyşdy. Geýhazy ony aýyrjak bolup, oňa golaý geldi, ýöne Hudaýyň adamy oňa: «Aýala degme, çünki onuň kalby ajy hasratdan doludyr. Reb muny menden ýaşyrdy, maňa bu barada hiç zat aýtmady» diýdi. «Durmuşymy ýigrenýärin, erkinlik bilen arz ederin, ajy hasratdan geplärin. Çakyry heläk bolup barýana, şeraby ajy hasrat çekýäne bergin. Näme diýeýin? Meniň bilen gepleşen, muny eden Rebdir, kalbymyň hasratlydygy zerarly ömürboýy pespäl gezerin. Seniň üçin saçlaryny syryp, jul geýnerler, janhowluna hasrat bilen zar-zar aglap, dady-perýat ederler.
Выбор основного перевода