Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Näme üçin meni ýagty ýalança inderdiň? Wah, hiç kim görmänkä ölen bolsadym. Käşgä dünýä asla inmedik bolsadym, ejemiň göwresinden göni gabra taşlanardym. Meniň doglan günüme nälet bolsun! Enemiň meni dogran gününe alkyş bolmasyn! «Ogluň boldy!» diýip, kakamy begendiren buşlukça nälet bolsun! Goý, ol adam Rebbiň gaýgyrman ýumran şäherleri kimin bolsun! Säher dady-perýat, günortan ahy-nala eşidilsin! Çünki ol adam ýatgydakam öldürmedi, ýogsam enem meniň mazarym bolardy, onuň ýatgysy ebedilik göwreli bolardy. Men näme üçin eneden doguldymkam? Gaýgy-hasrat çekip, ömrümi ryswalykda geçirmek üçinmi?
Выбор основного перевода