Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Ýer size öz miwesini eçiler, siz ondan doýup iýip, howpsuz ýaşarsyňyz. Siz iýip-içip doýanyňyzdan soň, özüňize gowy ýurt bereni üçin Hudaýyňyz Rebbe alkyş aýdarsyňyz. Eý, Hudaý, goý, halklar Saňa öwgüler aýtsyn, ähli halklar Saňa öwgüler aýtsyn. Toprak öz hasylyny eçildi; Hudaý, biziň Hudaýymyz bize bereket bersin. Goý, Hudaý bizi ýalkasyn, dünýäniň dört künji Ondan eýmensin. Ýa Reb, Sensiň meniň Hudaýym! Seni arşa çykararyn, alkyşa beslärin adyňy, çünki Sen ajaýyp işler etdiň, owaldan karar etdiň, kämil sadyklyk bilen. Emma Ysraýyly Reb halas etdi, Ol baky halas edýär; asyrlar boýy utanja galmarsyňyz, ryswa edilmersiňiz. Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz». Hasylyny ýyganlar iýip, Rebbe alkyş aýdarlar, ony toplanlar, mukaddes howlularymda içerler».
Выбор основного перевода