Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Iki surnaý deň çalnanda, bütin jemagat seniň ýanyňa, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine ýygnansyn. Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň bäşinji ýylynyň dokuzynjy aýynda Iýerusalim bilen Ýahuda şäherlerinden gelen ähli halk Rebbiň öýünde agyz beklemegi yglan etdi. Agyz beklemäge belläň siz wagty, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy. Ýaşululary hem-de tutuş ýurduň halkyny ýygnaň Beýik Hudaýyňyzyň öýüne hem-de Rebbe dat-perýat ediň. Sionda surnaý çalyň, Meniň mukaddes dagymda howpuň abanýandygyny duýduryň. Goý, ýurduň tutuş ilaty gorkudan sandyrasyn, çünki Rebbiň güni ýetip gelýär – garaňkylyk hem-de zulmat güni ol. Bulutly hem tüm garaňky gündür ol. Köp sanly hem güýçli bir leşger, daglara ýaýraýar daň şapagy deý. Owaldan bäri onuň deňi-taýy bolmandy, soňky nesillerden hem ol deýin bolmaz.
Выбор основного перевода