Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Men Rebbe ýüzlenip, şeýle dileg etdim: „Eý, Hökmürowan Reb, Öz saýlan aýratyn halkyňy ýok etme. Sen olary Öz beýikligiň bilen gulçulykdan azat edip, gudratly goluň bilen Müsürden çykaryp getirdiň. Öz gullaryň Ybraýymy, Yshagy we Ýakuby ýadyňa sal. Bu halkyň boýnuýogyndygyna, erbetligine we günäsine üns berme. Ýogsam, Seniň bizi alyp çykan ýurduňdaky adamlar bize: ‘Reb olary söz beren ýerine getirip bilmedi. Reb olary ýigrenýändigi sebäpli, çölde öldürmek üçin Müsürden çykaryp getiripdir’ diýerler. Emma bu Seniň beýik gudratyň we güýjüň bilen Müsürden çykaryp getiren Öz saýlan aýratyn halkyň ahyryn“. Diýenlerinde dyngysyz: «Hany Hudaýyň?» gözýaşlarym ýeke-täk azygym boldy. Duşmanlarym günde: «Hudaýyň nirede?» diýýär, kemsitme arkaly süňklerimi kül-owram edýär. Goňşy halklaryň öňünde biz ýüzügara, göz-gülban etdiň, töwerek-daşa etdiň masgara. Indi, eý, Hudaýymyz Reb, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler». Onsoň meni Rebbiň öýüniň içki howlusyna getirdi. Ine, Rebbiň ybadathanasynyň girelgesinde eýwan bilen gurbanlyk sypasynyň aralygynda ýigrimi bäşe golaý adam bardy. Olaryň arka tarapynda Rebbiň ybadathanasy, özleri bolsa gündogara tarap bakyp durdular. Olar gündogara tarap bakyp, Güne sežde edýärdiler. Ýa Reb, Saňa dat-perýat edýän, çünki ýaýlalary ot ýalmap ýuwutdy, meýdan agaçlarynyň baryny ýalyn köýdürdi. «Hany, Hudaýyň Reb nirede?» diýen duşmanym muny görer, ol utanja galar. Duşmanymyň ýykylyşyny öz gözlerim bilen görerin. Köçeleriň palçygy dek, aýak astynda basgylanar ol. Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, emma olaryň içi açgözlükden hem betnebislikden doludyr.
Выбор основного перевода