Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Çekirtgeler tutuş Müsür topragyna inip, tutuş ýurdy boýdan-başa eýelediler. Şeýle san-sajaksyz çekirtge sürüsi öň hiç haçan bolan däldir, indi hem bolmaz. Garaňkylyk düşürmezden öň, zulmat daglarynda aýaklaryňyzy büdretmezden öň, Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň. Siz yşyga garaşýarsyňyz, emma Reb ony ölüm kölegesine öwrüp, tüm garaňkylyga gaplar. Eý, ötegçiler, siziň üçin bu hiç zatmy? Ine, halymy görüň, heý-de, meniň başymdan inen gam-gussa ýaly gam-gussa barmy? Reb gazapdan dolup lowlan güni bu hasraty çekdirdi maňa. Çünki ol gün ýakyndyr, Rebbiň güni golaýdyr. Ol gün apy-tupan güni, milletleriň jebir çekjek döwrüdir. Eý, ýaşulular, diňläň siz muny, siz hem gulak goýuň, tutuş ýurduň ilaty: siziň günleriňizde ýa atalar döwründe, heý-de, bolupmydy şular ýaly zat? Sebäbi meniň topragyma ummasyz, güýçli bir leşger çozdy; arslanyňky ýaly onuň dişleri, ene ýolbarsyňky deý gyýyk dişleri. Dat günüňize, Rebbiň gününi küýseýänler! Näme üçin siz Rebbiň gününe zarsyňyz? Ol gün aýdyňlyk däl-de, garaňkylykdyr. Rebbiň güni ýagtylyk däl-de, garaňkylyk dälmidir? Ol hiç bir yşyksyz tüm garaňkylyk dälmidir?
Выбор основного перевода