Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Iki surnaý deň çalnanda, bütin jemagat seniň ýanyňa, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine ýygnansyn. Ýurduňyzda siziň üstüňize çozan duşmana garşy söweşe çykanyňyzda, surnaýlar bilen söweş sazyny çalyň. Şonda Hudaýyňyz Reb sizi ýatlar we duşmanlaryňyzdan halas eder. Hökmürowan Rebbiň bir güni bar, şol gün ähli tekepbirleri, gedemleri, ähli beýgeldilenleri peselder, Şuny Ýahudada yglan et, Iýerusalimde jar et: «Ýurtda surnaý çalyň! Batly gygyryp diýiň: „Geliň, üýşüp, berk galalara gireliň!“. Dat ol güne! Çünki Rebbiň güni ýakyndyr. Gudratygüýçlüden Weýrançylyk güni kimin gelýär ol. Reb Öz leşgeriniň öňünde batly seslenýär. Neneňsi köp sanly Onuň leşgeri! Onuň buýrugyna tabyn bolýanlaryň ýokdur hasaby. Dogrudan-da, Rebbiň güni beýikdir, elhençdir şübhesiz – çydajak barmy? Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal, Gün tümlüge, Aý hem gana döner. Golaýdyr Rebbiň höküm güni, golaýdyr, Ine, ýetip gelýändir ol. Hasratlydyr Rebbiň şol güni, batyr esger ajy perýat eder. Şol gün – gazap güni, betbagtçylyk, muşakgat güni, weýrançylyk we harabalyk güni, garaňkylyk we gam-gussa güni, bulutly we tüm garaňkylyk güni bolar. Galalara we beýik diňlere hüjüm edilip, uruş surnaýy çalnyp, duýduryş beriljek gündür ol.
Выбор основного перевода