Rebbiň buýrugy boýunça men gidip, guşagy Ýewfrat obasynda gizledim.
Köp gün geçenden soň, Reb maňa: «Tur, Ýewfrat obasyna git-de, gizlemegi buýran guşagymy al» diýdi.
Onsoň men Ýewfrat obasyna gitdim, gizlän ýerimden gazyp, guşagy aldym. Emma guşak çüýräp zaýalanan eken. Ol hiç zada ýarajak däldi.
Gabanjaňlygym we otly gazabym bilen Men jar edýän: Şol gün Ysraýyl ýurdunda ýer titrär.