Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Ýusup Efraýymy sagyna alyp, Ysraýylyň çep tarapyna, Manaşany bolsa çepine alyp, Ysraýylyň sag tarapyna golaý getirdi. Ýöne Ysraýyl ellerini çalşyryp, kiçi agtygy Efraýymyň başyna sag elini, uly agtygy Manaşanyň başyna bolsa çep elini goýdy. «Ysraýyllara öz tire baştutanlarynyň hemmesinden, ýagny her tireden bir hasa – jemi on iki hasa ýygnap, olary saňa getirip bermeklerini tabşyr. Olaryň hersiniň atlaryny öz hasalaryna ýazyp goý. Rehabgam galalary berkidip, olara serkerdeler belledi. Galalaryň hersini azyk, ýag we şerap bilen üpjün etdi. Ol şeýle hem, ähli galalarda uly galkanlary we naýzalary goýup, olary has berkitdi. Ýahuda bilen benýamin Rehabgamyňkydy. Ruhanylar we lewiler Ysraýylyň dürli çäklerinden Rehabgamyň ýanyna geldiler. Lewiler öz öri meýdanlaryny we mülklerini taşlap, Ýahuda, Iýerusalime geldiler, çünki Ýarobgam we onuň ogullary olary ruhanylyk etmekden aýrypdylar. Ýarobgam seždegählere, öz ýasan but erkeçlerine we gölelerine ruhanylaryny belledi. Ysraýylyň ähli tirelerinden Ysraýyl Hudaýy Rebbi agtarmagy ýüregine düwenler atalarynyň Hudaýyna gurbanlyk bermek üçin lewileriň yzyndan Iýerusalime geldiler. Olar Ýahuda patyşalygyny kuwwatlandyrdylar. Olar üç ýyllap Süleýmanyň ogly Rehabgama goldaw berdiler, çünki olar üç ýyllap Dawudyň, Süleýmanyň ýolundan ýöräpdiler. Asa ähli ýahudalary we benýaminleri, olaryň arasynda keseki hökmünde ýaşap ýören efraýymlary, günbatardaky manaşalary we şimgonlary toplady. Beýik Hudaýyň Asa bilendigini görüp, köp ysraýyllar Asanyň tarapyna geçipdiler. «Sen, eý, ynsan ogly! Özüňe bir kerpiç alyp, öňüňde goý-da, onuň ýüzüne Iýerusalim şäheriniň suratyny çek. Bulary gutaranyňdan soň, ikinji gezek gyşar, ýöne bu gezek sag gapdalyňa gyşar. Şeýdip, ýahuda halkynyň ýazygyny çekersiň. Men muny her ýyly bir gün hasabyna öwrüp, jemi kyrk güni seniň üstüňe ýükledim. Ýahuda neslini kuwwatlandyraryn, Ýusup neslini halas ederin, Men yzyna getirerin olary, çünki olara rehimim indi. Men tarapdan unudylmadyk ýaly bolarlar. Sebäbi olaryň Hudaýy Reb Mendirin; Men olara gulak asaryn.
Выбор основного перевода