Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Öz bendesi Dawudy saýlap, ony goýun agylyndan Ol aldy. Ony saýlap-seçen milleti Ysraýyla – Öz halky bolan Ýakup nesline çopançylyk etmeklik üçin, guzuly goýunlaryň yzyndan Ol alyp galdy. Hudaýyňyz: «Teselli beriň, halkyma teselli beriň» diýýär. Ine, Meniň Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykarjak günlerim gelýär; muny Reb aýdýandyr. Ol şa tagtyna çykyp, paýhasly höküm sürer, ýurtda adalat we dogruçyllyk bilen hereket eder. «Ol gün şeýle bolar, Men seniň boýnuňdaky boýuntyrygyňy döwerin, tanaplaryňy gyraryn. Indi kesekiler seni özlerine gul etmezler. Muňa derek sen öz Hudaýyň Rebbe we Onuň Dawudyň neslinden tagtda oturtjak patyşalaryna hyzmat edersiň». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Ähli agaçlar öz miwesini berer, ýer öz hasylyny eçiler. Olar öz ýurtlarynda howpsuz ýaşarlar. Boýuntyryk baglaryny goparyp, gul edenleriň elinden azat edenimde, olar Meniň Rebdigimi bilerler. Parzlarymy berjaý ederiňiz ýaly, Men sizi ruhum bilen dolduraryn; onsoň hökümlerimi doly ýerine ýetirersiňiz. Çünki ysraýyllar uzak wagtlap patyşasyz, hökümdarsyz, gurbanlyksyz, dikme daşsyz, efotsyz, butsuz ýaşarlar. Şondan soň ysraýyllar dolanyp, öz Hudaýy Rebbi hem patyşasy Dawudy gözlärler. Ahyrky günlerde bolsa olar Rebden gorkup, Hudaýyň ýalkawyna dolanarlar. Men gowy çopandyryn. Gowy çopan goýunlary üçin janyny pida edýändir.
Выбор основного перевода