Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýymyz Reb toprakdan adam ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy. Sen ýüzüňi gizleýärsiň – olar howsala düşýär, janlaryny alýarsyň – olar öz topragyna dolanýar. Jan berýän demiňi iberýäň – olar ýaradylýar, Sen ýeriň ýüzüni täzeleýärsiň. Onsoň Ol maňa nepese pygamberlik et, eý, ynsan ogly, pygamberlik et-de, nepese aýt diýdi: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eý, nepes, şemal bolup, çar tarapdan öwüs-de, bu öldürilenleriň üstüne üfle, olar direlsinler“». Şeýlelikde, Onuň maňa tabşyryşy ýaly, pygamberlik etdim we nepes olaryň içine girdi. Olar direlip, köp, örän köp goşun kimin aýak üstüne galdylar.
Выбор основного перевода