Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eý, kerler eşidiň! Eý, körler, serediň, görüň! «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Ysraýyl daglaryna tarap öwür-de, olara pygamberlik et. Sen, eý, ynsan ogly, Ysraýyl daglary hakda pygamberlik edip, şeýle diý: «Eý, Ysraýyl daglary, Rebbiň sözüni eşidiň. Onsoň Ol maňa nepese pygamberlik et, eý, ynsan ogly, pygamberlik et-de, nepese aýt diýdi: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eý, nepes, şemal bolup, çar tarapdan öwüs-de, bu öldürilenleriň üstüne üfle, olar direlsinler“». Munuň üçin, pygamberlik et-de, olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men gabyrlaryňyzy açyp, sizi gabyrlaryňyzdan çykararyn, eý, halkym; sizi Ysraýyl ýurduna getirerin. Onsoň Isa baryp, tabyda elini degirdi, ony göterip barýanlar saklandylar. Isa: «Eý, ýaş ýigit, saňa diýýärin, tur!» diýdi. Ýagşylyk edenler ýaşamak üçin, ýamanlyk edenler bolsa höküm edilmek üçin direler.
Выбор основного перевода