Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň ähli Müsür ilaty Meniň Rebdigimi biler. Müsür halky ysraýyl halky üçin gamyşdan hasa boldy. Müsürliler indi hiç haçan ysraýyl halky üçin arkadaýanç bolmazlar. Gaýtam, Müsüriň betbagtlygy olara Müsüre dolanmak bilen eden günälerini ýatladar. Onsoň ysraýyllar Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilerler». Müsür bilen birlikde Efiopiýa, Put, Lut we beýleki halklardan gelen goşunlaryň bary, Kub we ylalaşyk baglaşan ýurdunyň ilaty gylyçdan geçiriler“». Reb şeýle diýýär: «Müsüre arka duranlar heläk bolarlar, onuň kuwwatynyň buýsanjy öçer. Migdoldan Sewene çenli olaryň bary bilelikde gylyçdan geçiriler. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Patrosy weýran ederin, Zogan galasyna ot bererin, Tebes galasynda hökümler çykararyn. Müsüre ot bererin, Sin soňsuz jebir çeker, Tebes galasynyň diwary jaýryk atar we Memfis galasy her gün duşman hüjümine sezewar bolar.
Выбор основного перевода