Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol Müsür ýurdunda, Zogan düzünde, atalarynyň öňünde gudratly işleri etdi. Müsürde görkezen alamatlaryny, Zogan düzündäki gudratlaryny: Müsüriň Migdol, Tahpanhes, Memfis galalarynda we Patros welaýatynda ýaşaýan ähli ýahudalar hakda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: Sen köp etmişleriň bilen, erbet söwdagärligiň bilen mukaddes ýerleriňi harama çykardyň; onsoň Men içiňden ot berdim; ol seni ýandyrdy. Men seni ähli görýänleriň gözleriniň alnynda ýakyp, ýer ýüzünde kül etdim. Men müsürlileriň öňki abadançylygyny gaýtaryp berip, Patros ýurduna öz dogduk mekanlaryna getirerin. Ol ýerde olaryň patyşalygy ejiz patyşalyk bolar. Gazabymy Müsüriň güýji bolan Siniň üstüne döküp, Tebesiň köp ilatlylygynyň soňuna çykaryn. Müsüre ot bererin, Sin soňsuz jebir çeker, Tebes galasynyň diwary jaýryk atar we Memfis galasy her gün duşman hüjümine sezewar bolar.
Выбор основного перевода