Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn. Milletleriň iň gorkunjy bolan bu Müsür ýurduny weýran etmek üçin Nebukadnesar goşuny bilen birlikde geler. Olar Müsürde gylyçlaryny ýalaňaçlap, ýurdy jesetden doldurarlar. Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Müsür patyşasy faraona garşydyryn. Men onuň iki elini hem: sagdyn elini-de, döwük elini-de syndyryp taşlaryn, elindäki gylyjyny gaçyraryn. Babyl patyşasynyň gollaryny güýçlendirip, gylyjymy onuň eline bererin; emma faraonyň gollaryny döwerin. Faraon Babyl patyşasynyň öňünde agyr ýaraly adamyň iňňildeýşi kimin iňňildär.
Выбор основного перевода