Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb şeýle diýdi: «Edil gulum Işaýanyň Müsüre we Efiopiýa alamat hem nyşan hökmünde üç ýyllap diňe içki geýimde, aýakýalaň gezişi kimin, Aşuryň patyşasy-da Müsüre utanç bolsun diýip, müsürlileri sürgün edip, efiopiýalylary ýesir alyp, ýaşlardyr garrylary ýalaňaç, aýakýalaň, otyrýerleri açyk halda äkider. Efiopiýa umyt baglaýan, Müsüre öwünýän halk gorkar we utanja galar. Şol gün bu kenar ýakasynda ýaşaýanlar şeýle diýerler: „Ine, Aşur patyşasyndan halas bolmak üçin ýardam isläp, umyt baglanlarymyza, gör, nämeler boldy! Indi biz nähili gaçyp gutularys?“». Şonuň üçin hem Men saňa we seniň derýalaryňa garşydyryn; Men Migdoldan Sewene çenli, Efiopiýanyň serhedine çenli Müsür ýurduny bütinleý çöllüge we harabaçylyga öwrerin.
Выбор основного перевода