Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Eý, ynsan ogly, pygamberlik et we eliňi çarp. Goý, gylyç iki, hatda üç gezek çapsyn. Bu öldürýän gylyçdyr, köp sanly ynsanlary gyran, olary her ýandan gurşan gylyçdyr. Eý, Ysraýylyň dereksiz, pis hökümdary, soňky günüň ýakynlaşdy, soňky jeza günüň ýetip geldi!» Hökmürowan Reb Sur galasyna şeýle diýýär: «Ýykylyşyňyň gürpüldisinden, ýaralylaryň iňňildisinden, başyňdan inen elhenç mergiden kenarlardaky halklar titreşmezmi? Men onuň garşysyna çeken zähmeti üçin Müsür ýurduny oňa berdim, sebäbi olar Meniň üçin işlediler. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eli bilen Müsüriň beýik goşunynyň soňuna çykaryn. Babyl patyşasynyň goluny güýçlendirerin, emma faraonyň gollaryny syndyraryn. Gylyjymy Babyl patyşasynyň eline bererin, ol hem ony Müsüriň garşysyna uzadar, şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler.
Выбор основного перевода