Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler. Eý, Kapernaum! Sen arşa göterilerin öýdýärsiňmi? Ýok, sen dowzaha taşlanarsyň, sebäbi sende görkezilen gudratlar Sodomda görkezilen bolsady, onda ol şu güne çenli saklanyp galardy. Pawlus bilen Barnap hem batyrgaýlyk bilen şeýle diýdiler: «Hudaýyň Hoş Habary ilki size wagyz edilmelidi. Emma siz ony ret etdiňiz! Bu bolsa siziň baky ýaşaýşa mynasyp däldigiňizi subut edýär. Şonuň üçin biz keseki milletlere ýüzlenýäris. Çünki Reb bize şeýle buýruk berdi: „Ýeriň aňry çägine çenli halas etmek üçin, Seni milletlere nur etdim“». Milletler muny eşidenlerinde şatlanyp, Rebbiň Hoş Habaryna uly hormat goýdular. Şeýlelikde, baky ýaşaýyş üçin saýlananlaryň hemmesi iman etdi.
Выбор основного перевода