Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Arzuwlydyr olar altyndan, hatda sap altynyň köplüginden-de; süýjüdir olar ary balyndan, aryň mum öýjüginden damýan baldan-da. Seniň wadaň maňa nähili süýji! Ol agzyma baldan-da süýji! Seniň sözleriňi tapyp iýdim. Sözleriň maňa şatlyk, ýüregime begenç berdi. Çünki men Seniň adyň bilen tutuldym, eý, Reb Hökmürowan Hudaý! Men perişdäniň ýanyna baryp, kitapçany maňa bermegini haýyş etdim. Ol hem maňa: «Al, iý! Ol içiňi ajadar, ýöne agzyňda bal ýaly süýji bolar» diýdi. Men kitapçany perişdäniň elinden alyp iýdim. Ol agzymda bal ýaly süýjüdi, emma ony iýenimden soň, içim ajady.
Выбор основного перевода