Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonuň üçin hem Men-Reb şeýle diýýärin: «Ine, Men bu halkyň öňüne büdreme daşyny goýaryn, ata-eneler çagalary bilen büdräp ýykylar, goňşusy dosty bilen birlikde heläk bolar». Ýöne dogruçyl adam öz dogruçyllygyndan dönüp, erbediň ähli nejis işlerini, pisliklerini etse, ol diri galarmy? Onuň eden dogry işleriniň hiç biri ýatlanylmaz; ol özüniň eden dönükligi bilen etmişi we günäsi üçin öler. Eý, ynsan ogly, öz ildeşleriňe şeýle diý: „Günä eden güni dogruçyl adamyň dogruçyllygy ony halas etmez we erbetliginden dönen güni erbet adamyň erbetligi onuň heläk bolmagyna sebäp bolmaz. Dogruçyl adam günä eden güni öňki dogruçyllygy sebäpli diri galmaz“. Men dogruçyl adam hakda „Elbetde, ol diri galar“ diýenimde, ol öz dogruçyllygyna bil baglap, erbetlik etse, onuň ähli dogry işleri ýatlanman, gaýtam ol öz eden erbetliginde öler. Dogruçyl adam dogruçyllygyndan dönüp, erbetlik etse, munuň üçin ol öler.
Выбор основного перевода