Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bu pitneçi halk seni islese diňlesin, islemese diňlemesin, ýöne olar öz aralarynda bir pygamberiň bardygyny bilsinler. Eý, ynsan ogly, sen olardan we olaryň sözlerinden gorkma. Daşyňy çalydyr tikenekler gurşasa-da, içýanlar arasynda ýaşasaň-da gorkma. Olaryň sözlerinden gorkma, ýüzlerinden heder etme, olar pitneçi halkdyr. Olar seni isle diňlesinler, isle diňlemesinler, olara sözlerimi aýt, çünki olar pitneçi halkdyr. «Eý, ynsan ogly! Sen pitneçi halkyň arasynda ýaşaýarsyň, olaryň görmäge gözleri bar, ýöne görmeýärler, eşitmäge gulaklary bar, ýöne eşitmeýärler, çünki olar bir pitneçi halkdyr. Şol gün beladan gaçyp gutulan adam bilen gepleşmek üçin saňa täzeden dil biter, sen geplärsiň, gaýdyp diliň tutulmaz. Sen olar üçin bir alamat bolarsyň, onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler». Sen meniň bellenen wagtda amala aşjak sözlerime ynanmadyň. Şonuň üçin hem seniň diliň tutulyp, şu zatlaryň amala aşjak gününe çenli gepläp bilmersiň» diýip jogap berdi. Şol wagt Zekarýa garaşyp duran halk onuň ybadathanada eglenenine geň galdy. Zekarýa daşary çykanda, olar bilen gepleşip bilmedi. Şonda olar ybadathanada onuň bir görnüş görendigine göz ýetirdiler, sebäbi Zekarýa olara üm bilen yşarat edýärdi, emma gepleşip bilmeýärdi.
Выбор основного перевода