Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Az-kem sabyr et, erbetler ýok bolarlar, ýerlerine göz aýlarsyň, ýöne tapmarsyň. Birdenkä ol gaýyp boldy-da gitdi; men ony gözledim, emma tapmadym. Olar bu ýurdy elhençlige, ebedilik masgaraçylyga öwürdiler. Ondan geçýänleriň baryny gorky basar, olar geň galyp, başlaryny ýaýkarlar. Men seni elhenç howpa duçar ederin, sen ýok bolarsyň. Seni gözlärler, emma hiç haçan tapmazlar». Muny Hökmürowan Reb diýýär. Ine, bu zowky-sapada, howpsuzlykda ýaşap: «Ýeke men, menden başga hiç kim ýok» diýen şäherdir. Gör, ol nähili haraba bolup, wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüldi. Gapdalyndan geçýän her kes ony masgaralap, ellerini salgaýarlar. Dünýä täjirleri onuň üçin ýas tutup, aglarlar, sebäbi indi olaryň harytlaryny satyn aljak ýok.
Выбор основного перевода