Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gündogar ýeliň Tarşyş gämilerini çym-pytrak edişi ýaly, Sen derbi-dagyn etdiň olary. Olary duşmanlarynyň öňünde gündogar şemaly kimin pytradaryn. Başlaryndan betbagtlyk inen güni ýüzümi däl-de, ýeňsämi görkezerin“». Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Seni ilatsyz galan şäherler ýaly harabaçylyga öwrenimden soň, çuňlugy üstüňe getirip, köp suwlar bilen büränimden soň, Seniň hökümdarlygyň beýik deňizlerdedir; seni bina edenler gözelligiňi aňrybaş derejesine ýetirdiler. Seniň harytlaryňyň kerweni Tarşyşyň gämileridi; sen dolup-daşyp, deňizler ummanynda agyr ýük bilen ýüklenerdiň. Ýykylan günüň seniň baýlygyň, harytlaryň, mallaryň, deňizçileriň, gämiçileriň, jaýryklaryňy suwaýanlar, harytlaryňy alyş-çalyş edýänler, sendäki ähli urşujylar we içiňdäki ähli jemagat deňizler ummanyna gark bolarlar.
Выбор основного перевода