Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Kuşuň nesilleri: Seba, Hawyla, Sabta, Ragama we Sabteka. Ragamanyň nesilleri: Şeba we Dedan. Şeba melikesi Süleýmanyň Rebbe goýýan hormatynyň at-owazasyny eşidip, ony kyn sowallar bilen synamaga Iýerusalime geldi. Şeba melikesi ummasyz baýlyk, hoşboý ysly zatlar, köp mukdardaky altyn we gymmatbaha daşlar ýüklenen düýeler bilen Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň ýanyna gelip, ýüregine düwen ähli sowallary sorady. Patyşa, goý, uzak ýaşasyn! Şeba altynyndan oňa berilsin, onuň üçin elmydama doga okalsyn, uzakly gün oňa alkyş aýdylsyn. Sen düýe sürülerinden, Midýan, Eýpa köşeklerinden dolarsyň; bütin Şeba halky geler. Olar altyndyr ýakymly ysly tütetgi getirip, Rebbe alkyş aýdarlar.
Выбор основного перевода