Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki Süleýmanyň Hiramyň gämileri bilen birlikde deňizde gämileri bardy. Deňiz gämileri üç ýylda bir gezek gelip, altyn, kümüş, pil dişini, maýmynlary we tawuslary getirerdiler. Ýehoşapat Tarşyşa gidýän gämileri ýasamak üçin Ahazýa goşuldy. Olar gämileri Esýongeberde ýasadylar. Tarşyşa geçiň, eý, adalylar, perýat ediň! Eý, Tarşyş gyzy, ýurduňdan Nil kimin geç; indi bökdenç bolmaz. Söwdaňyň we baýlygyňyň köpdügi üçin Damask hem seniň bilen söwda etdi; ol Helbon şerabyny we ak ýüň getirerdi. Harytlaryň deňizden çykanda, sen köp halklary doýurdyň, baýlygyň we harytlaryň köplügi bilen patyşalary baýatdyň.
Выбор основного перевода