Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonuň üçin Ýazer agysy bilen Sibmanyň üzümçilikleri üçin aglaryn men; gözýaşym bilen suwararyn sizi, eý, Heşbon we Elgala! Çünki tomus miweleriň, hasyl ýygnalýan döwründäki şagalaň şowhunyňyz kesildi. Şol gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb ýas baglamaga çagyrdy sizi, saçlaryňyzy ütüp, jul geýinmäge çagyrdy. Bu ýurtda uludan-kiçä hemmeler öler. Olary jaýlamazlar, hiç kim olar üçin ýas tutmaz, öz bedenini ýaralamaz ýa-da saçyny syrmaz. Her kimiň saç-sakgaly syryldy; ähli eller ýaralanan we ähli billere jul oralan. Eý, ynsan ogly! Babyl patyşasy Nebukadnesar öz goşunyna Sura garşy agyr zähmet çekdirdi: her bir esgeriň saçy döküldi, her bir egniň hamy soýuldy; emma çeken zähmetine görä, ne onuň özüne, ne-de goşunyna Surdan muzd tölendi.
Выбор основного перевода