Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Faraon Neko Iýerusalimde patyşalyk etmesin diýip, Hamat ýurdunyň Ribla diýen ýerinde, Ýehogahazy ýesir aldy. Ol ýurduň başyna bir ýüz ýetmiş batman kümüş, bir ýarym batmana golaý hem altyn salgyt saldy. Faraon Neko Ýoşyýanyň ogly Elýakymy kakasy Ýoşyýanyň ýerine patyşa etdi we onuň adyny üýtgedip, Ýehoýakym goýdy. Soňra ol Ýehogahazy alyp, Müsüre geldi. Ýehogahaz şol ýerde öldi. Ýehoýakym patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Zebida rumaly Pedaýanyň gyzydy. Müsür patyşasy Neko Iýerusalimde Ýehogahazy tagtdan agdaryp, ýurda bir ýüz ýetmiş batman kümüş, bir ýarym batmana golaý hem altyn salgyt saldy. Ol Ýehogahazyň dogany Elýakymy onuň ýerine Ýahuda we Iýerusalime patyşa edip, onuň adyny Ýehoýakym diýip üýtgetdi. Onsoň Neko patyşa Ýehogahazy alyp, Müsüre geldi. Kakasy Ýoşyýanyň ýerine Ýahudanyň patyşasy bolan we ol ýerden çykyp gaýdan Şallum hakynda Reb şeýle diýýär: „Ol bu ýere indi öwrülip gelmez. Ýesir edilip äkidilen ýerinde öler we bu ýurdy gaýdyp görmez“. Dirilik nepesimiz, Rebbiň seçip-saýlany olaryň çukuryna gaçdy. Biz ol hakda: «Onuň saýasynda milletler arasynda ýaşarys» diýipdik.
Выбор основного перевода