Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýehoýakymyň patyşalyk eden döwründe Babyl patyşasy Nebukadnesar onuň üstüne hüjüm etdi. Ýehoýakym üç ýyllap Babyl patyşasynyň hyzmatkäri bolsa-da, onuň garşysyna gozgalaň turuzdy. Reb Öz gullary pygamberler arkaly aýdan sözüne görä, Ýahudanyň halkynyň baryny gyrdyrmak üçin babyllylaryň, siriýalylaryň, mowaplylaryň we ammonlylaryň goşunlaryny olaryň üstüne iberdi. Men torumy ýazaryn, ol duzagyma düşer. Ony Babyl ýurduna getirerin, emma ol şol ýerde Babyly görmän öler. Milletler ol barada eşitdiler. Ony duzagyna düşürdiler, çeňňege ildirip, Müsüre getirdiler.
Выбор основного перевода