Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men olary sogrup taşlamagyň we ýykmagyň, ýer bilen ýegsan edip, ýok etmegiň, üstlerinden betbagtlyk indermegiň çemini nähili aňtan bolsam, gurup, bina etmegi hem şonça aňtaryn. Muny Reb aýdýandyr. Ol odun hökmünde ýakylýar. Ot onuň iki ujuny ýakyp, ortasyny garaldansoň, ol derde ýararmy? Ol ekilse-de, boý alyp ösermi? Gündogar şemaly uranda bütinleý guramazmy? Öz gögeren keşlerinde solmazmy?» Owadanlygyň zerarly ýüregiňi tekepbir tutduň, şöhratparazlygyňdan ýaňa danalygyňy harladyň; Men seni ýere çaldym; görsünler diýip, patyşalaryň öňüne zyňdym. Efraýym doganlarynyň arasynda barly-barjamly bolsa-da, Gündogardan epgek, çölden Rebbiň ýeli öwser. Onuň çeşmesi kesiler, guýusy gurap galar. Hazynasyndan şaý-sepleri talanar».
Выбор основного перевода