Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Erbetler, betkärler bilen bile meni süýreme; olar parahat gepleşýärler goňşusy bilen, emma welin pislik bar ýüreklerinde. Onuň gepi baldan süýjüdi, kalbynda bolsa uruş-jeň bardy. Onuň sözleri ýagdan ýumşakdy, aslynda welin syrylan gylyçdy olar. Men arslanlaryň arasynda, wagşy haýwanlar ýaly adamlaryň arasynda ýatyryn; olaryň dişleri naýza, ok ýaly, kesgir gylyç ýaly olaryň dili. Eý, hileli dil, saňa gör-bak näme ediler! Onuň üstesine näme goşular? Şeýle adamlar bar, ýer ýüzünden garyplary, adamlar arasyndaky mätäçleri symyşlamak üçin dişleri gylyç, azylary pyçakdyr. «Meniň halkymyň arasynda erbet adamlar bar. Olar guş awlamak üçin, bukuda ýatýanlar ýaly duzak gurup, ynsanlary tutýarlar. Olar hile bilen oňa ýakynlaşýar. Olaryň gazaby gijäniň soňuna çenli ýanýar. Irden bolsa ýalynly ot ýaly gahary tutaşýar.
Выбор основного перевода