Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Saçyňyzyň gyralaryny gyrkyp, sakgalyňyzy timarlamaň. Siziň nesilleriňiz öz etmişlerini we atalarynyň etmişlerini, olaryň Maňa biwepalyk edip, Meniň garşyma gidendiklerini we Meniň hem olara garşy gidip, olary duşmanlarynyň ýurduna getirendigimi boýun alarlar. Siziň nesilleriňiz boýnuýogynlyk etmeklerini bes edip, öz günäleri üçin ötünç soranlaryndan soň, Men Ýakup bilen eden ähtimi, Yshak bilen eden ähtimi, Ybraýym bilen eden ähtimi we ýurdy size bererin diýip eden wadamy ýatlaryn. Siz özüňizi sünnet etmek bilen birlikde tutuş ýüregiňizi-de Rebbe bagyş ediň we mundan buýana boýnuýogynlygyňyzy goýuň. Başga-da Müsür patyşasy faraona, onuň emeldarlaryna, ýolbaşçylaryna, tutuş halkyna; ähli keseki halka, Us ýurdunyň hemme patyşalaryna, bütin piliştliler ýurdunyň patyşalaryna: Aşkelona, Gaza, Ekrona, Aşdodyň aman galanlaryna; Edoma, Mowaba, ammonlara; Dedana, Teýma, Büze hem-de saç-sakgallaryny gyrkan ähli halklara; Pitneçi ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, ysraýyl halky! Meniň öýümi harlamak üçin sünnetsiz we boýnuýogyn gelmişekleri içerik salmak bilen eden ähli nejis işleriňizi bes ediň! Siz Maňa iýmit, ýag we gan hödür edeniňizde, olar mukaddes öýümde boldular. Siz ähli nejis işleriňiziň üstesine Meniň ähtimi hem bozduňyz. Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz. Çünki daşky görnüşi boýunça ýahudy görünýän her kes ýahudy däldir, tendäki her sünnet-de hakyky sünnet däldir. Ýok, köňli ýahudy bolan adam hakyky ýahudydyr. Kanuna görä däl-de, Mukaddes Ruha görä bolan sünnet hakyky sünnetdir. Hakyky ýahudynyň öwgüsi adamlardan däl-de, Hudaýdandyr.
Выбор основного перевода