Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Yshak oňa: «Saňa berilmeli patany doganyň aldy, ol meni aldan eken» diýdi. Ysaw kakasyna: «Oňa Ýakup ady ýöne ýere dakylmandyr. Ol meni ikinji gezek aldady. Ol başda nowbahar ogullyk hakymy aldy, ine, bu gün bolsa ol maňa berilmeli patany aldy» diýdi. Onsoň Ysaw: «Sen maňa hiç pata saklamadyňmy?» diýip, kakasyna özelendi. Hatda duzumy iýen, bil baglan dostum maňa haýynlyk etdi. Olaryň bary tekepbir pitneçidirler, gybatdyr töhmet bilen ýaşaýarlar. Ýüregi bürünç, demir deý gatap, hemmesi ýoldan çykandyr. Dilleri öldüriji peýkamdyr, hile bilen sözleýärler. Goňşularyna hoş sözler aýdýarlar, ýüreginde bolsa duzak gurýarlar. Saňa hatda dogan-garyndaşlaryň, öz maşgalaň-da haýynlyk etdi. Ýeňsäňden seslerine bat berdiler. Ýüzüňe ýagşy sözler aýtsalar-da, ynanmaweri sen olara. Dostuňa ynanma, gardaşyňa bil baglama, gujagyňda ýatýan aýalyňyň ýanynda agzyňa bek bol. Çünki ogly atasyny äsgermeýär, gyz enesine garşy gidýär, gelin gaýynenesiniň ýüzüni alýar, öz içeriňiz size duşmandyr. Adamyň duşmany öz içerisindäkiler bolar.
Выбор основного перевода