Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyl bir akylsyz halkdyr, olarda hiç hili düşünje ýokdur. Paýhasy bolan muňa üns bersin, Rebbiň sadyk söýgüsini aňlasyn. Çünki ýurt zynahorlykdan doludyr, ýurt nälet zerarly ýas tutýar, çölüň örüleri guraýar. Adamlar pis ýola düşüp, güýçlerini zorluga sarp edýär. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Özüňize pygamberlik edýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, olar size biderek zatlar öwredýärler. Olar Rebbiň agzyndan çykan sözleri däl-de, öz ýürekleriniň hyýalyny sözleýärler. Rebbiň sözüni eşidip, görmek üçin, kim Onuň maslahatynda boldy? Onuň sözüni ýerine ýetirmek üçin, kim Oňa gulak asdy? Eý, Efraýym, butlar bilen işim ýok. Dilegiňe jogap berip, ybadatyňa seredýän Mendirin. Men mydam ýaşyl serwi ýalydyryn. Seniň bar miweleriň Menden geler».
Выбор основного перевода