Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Daglara seretdim, olar titreýärdi, ähli depeler ikiýana yraň atýardy. Seretdim, hiç bir ynsan ýokdy, gökdäki ähli guşlar uçup gidipdir. Seretdim, ine, Rebbiň huzuryndan, Onuň lowlaýan gazabyndan ýaňa hasylly toprak çöle dönüpdir, ähli şäherler weýran bolupdyr. Haçana çenli ýurt ýas tutup, otlar saralyp solar? Ol ýerde ýaşaýanlaň pis işlerinden ýaňa haýwanlar bilen guşlar ýitip gitdiler. Çünki bu halk diýýär: «Ol bize näme boljagyny görmeýär». Eger Men ol ýurda ýyrtyjy haýwanlary ýollasam, olar-da ony adamsyz goýsalar, ýurt haraba dönüp, ýaňky haýwanlardan ýaňa onuň içinden hiç kim geçmese, Şonuň üçin toprak hasrat çekýär. Onda ýaşaýanlar ejizleýärler. Sähradaky haýwanlar hem asman guşlary, hatda deňizdäki balyklar gyrylýarlar.
Выбор основного перевода