Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men siziň galalaryňyzy haraba öwrüp, siziň seždegähleriňizi ýer bilen ýegsan ederin, ýakymly ysly sadakalaryňyzy kabul etmerin. Men sizi gelmişek milletleriň arasyna pytradyp, garşyňyza uruş turzaryn. Siziň ýurduňyz çolaryp, galalaryňyz haraba öwrüler. Ýurduňyz harabalyk, şäherleriňiz oda ýanan; kesekiler gözüňiziň alnynda ýurduňyzy ýalmaýarlar, ony haraba öwürýärler. Täze şerap gutarýar, solýar üzüm agajy, ah çekýär şadyýanlar. Depreklerem şat owazyny kesdi, şadyýan sesler eşidilmedi, lira sem boldy. Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Siziň günleriňizde gözüňiziň alnynda bu ýerden şatlykdyr gülki sesini, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesini keserin“. Men seniň aýdymlaryňyň sesini keserin, liralaryňyň sesi gaýdyp eşidilmez. Onuň bar şadyýanlygyny, baýramlaryny, Täze Aý baýramyny we Sabat gününi, ähli dabaralaryny tamam ederin. Arfaçylaryň we aýdymçylaryň, tüýdükçileriň we surnaýçylaryň owazy indi sende ýaňlanmaz. Indi senden senetçiler-de, senet-de tapylmaz. Indi senden degirmeniň sesi asla eşidilmez. Çyralaryňyň yşygy indi ýagty saçmaz, öýlenýän ýigitdir gelniň sesi indi senden eşidilmez. Seniň täjirleriň dünýäniň beýik adamlarydy, seniň jadygöýligiň ähli milletleri ýoldan çykardy.
Выбор основного перевода