Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol Rebbiň: «Iýerusalimde maňa ybadat ediler» diýen Rebbiň öýünde butlar üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi. Manaşa ýasan oýma Aşera butuny Rebbiň öýünde goýdy. Bu öý Rebbiň Dawuda we onuň ogly Süleýmana: «Maňa şu öýde we bütin Ysraýyl tirelerinden seçip alan şäherim Iýerusalimde ybadat ediler. Ol Rebbiň: «Iýerusalimde maňa ybadat ediler» diýen Rebbiň öýünde butlar üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi. Manaşa Rebbiň öýüniň iki howlusynda ähli asman jisimleri üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi. Manaşa ýasan oýma Aşera butuny Hudaýyň öýünde goýdy. Bu öý Hudaýyň Dawuda we onuň ogly Süleýmana: «Maňa şu öýde we bütin Ysraýyl tirelerinden seçip alan şäherim Iýerusalimde ybadat ediler. «Pygamber-de, ruhany-da hudaýsyzdyr, olaryň pisligini hatda Öz öýümde-de gördüm. Muny Reb aýdýandyr. Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Barlygymdan ant içýärin, ähli ýigrenji zatlaryňyz we nejis işleriňiz bilen mukaddes öýümi murdar edendigiňiz üçin, Men-de sizi gylyç bilen gyryp taşlaryn; gözüm gaýgyrmaz we haýpym gelmez. Olar Meniň öýümiň şaý-sepleriniň gözelligi bilen özlerini gopbamsy tutdular we olardan nejis butlary we ýigrenji zatlary ýasadylar. Şonuň üçin hem Men bu şaý-sepleri olar üçin murdar zada öwürdim. Hökümdar köpler bilen bir hepdelik berk äht baglaşar. Ýarym hepdeden soň bolsa gurbanlyk we sadaka bermesini goýar. Edilen karar onuň başyndan inýänçä, bu weýran ediji hökümdar ybadathananyň içinde weýrançylyk getirýän ýigrenji zady diker».
Выбор основного перевода