Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siziň jesetleriňiz asmandaky guşlara we ýerdäki haýwanlara iýmit bolar. Olary kowmaga adam tapylmaz. Mirasym nazarymda gyrgy deý boldumy? Her tarapdan wagşy guşlar üstüne çozdy. Gidiň-de, ähli ýabany haýwanlary toplaň, goý, olar mirasymy ýuwudyp-ýalmasynlar. Olar agyr kesellerden ölerler, olar üçin ýas tutulmaz, jesetleri jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly bolup ýatarlar. Olar gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. Jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar.
Выбор основного перевода