Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar ynsana töhmet atýarlar, kaza duzak gurýarlar, şäher derwezesinde. Haklyny adalatdan nähak mahrum edýärler. Rebbiň sözüne gulak asyň, eý, Ýakup nesli, Ysraýylyň ähli kowumlary! Reb maňa şeýle diýdi: «Ýahuda patyşalarynyň girip-çykýan Halk derwezesi bilen Iýerusalimiň ähli derwezelerine git-de, ol ýerde dur. Şonuň üçin hem indi ýahuda halky bilen Iýerusalim ilatyna Reb şeýle diýýär diý: „Men size garşy erbet pikirler düzüp, başyňyza bela-beter getirerin. Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüň, ýaşaýşyňyzy we hereketleriňizi düzediň“. Indi ýollaryňyzy we işleriňizi düzediň, Hudaýyňyz Rebbe gulak asyň. Şonda Reb-de siziň garşyňyza aýdan betbagtçylygyny goýbolsun eder.
Выбор основного перевода